Dark
Light
26.12.2025
bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES

Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz

21.11.2025

Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk baýramynyň çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek iri wekilçilikli forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wajyp çäreleriniň biri bolar.

Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň 80 ýyllygy baýram edilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmegi, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, BMG-niň ýanynda Hemişelik wekilhanamyzyň döredilmegi, hakykatdan-da, uly taryhy wakalar boldy. Netijede, Türkmenistan dünýäde parahatçylyk dörediji ýurda, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 

Bitarap ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda tejribesi giňeýär, abraýy beýgelýär, jogapkärçiligi artýar, hukuklary we borçlary çuňlaşýar. Bu ýagdaýlar 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle çözgüt Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi. Häzirki wagtda türkmen Bitaraplygy dünýä syýasatynda we diplomatiýasynda möhüm halkara hukuk instituty hökmünde ähli döwletler tarapyndan giň goldaw tapdy.

Her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi diňe bir ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji ýörelgelerine berlen ýokary baha bolman, eýsem, döwrüň talaby hem bolup durýar. Bu waka halkara diplomatiýanyň umumy üstünligi hökmünde kabul edildi. Bitaraplyga we öňüni alyş diplomatiýasyna bolan gyzyklanmalary has-da ýokarlandyrdy. Sebäbi türkmen Bitaraplygy tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmek üçin iň amatly şertleri hödürleýär we giň mümkinçilikleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogylbagt HOMMADOWA,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň II derejeli taryh mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20251115 195727 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalarda tebigata söýgi döredýäris!

himiya tejribe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Himiki birleşmeleriň toparlara bölünişi

Soňkylar Makalalar

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.12.2025
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk

Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

23.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagaty hem döwrebap ösdürilip, Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
GitTop