23122023 gazna 960x511 1 THE ASHGABAT TIMES

Ynsanperwerlik – halkymyzyň asylly ýörelgesi

08.11.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda türkmen halkynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, 6-njy noýabrda goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda nygtalyşy ýaly, şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar.

Pederlerimiziň durmuş sapaklaryny çuňňur özleşdirip, asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden «Bal süýji, baldan-da bala», «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähimleri çagalara türkmen jemgyýetinde durmuşyň gülleri hökmünde mähir bilen garalandygyny, olaryň edep-terbiýesine aýratyn üns berlendigini, bu babatda nusgalyk ýörelgeleriň döredilendigini tassyklaýar. Sebäbi çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny we ýol-ýörelgesini indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işlere, şeýle hem gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirilip, oňa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekiller gatnaşdy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Munuň özi sebit we halkara giňişligiň çagalaryň bähbidine bilelikdäki hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň, şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk ynsanperwer işlerine ýokary baha berýändiginiň subutnamalarydyr.

Jemläp aýdanyňda, Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirmegi Bitarap Watanymyzda bagtyýar çagalygyň bähbidine asylly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir! Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr».

Şirin PAÝGAMOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bag ekmek 24 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bag ekmek – sahawatly iş

bedew dost THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew – diňe nepislik däl. Genetika: düşünmegiň, goramagyň we geljegiň açary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop