yaslar haabr bas THE ASHGABAT TIMES

Zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

17.11.2025

16-njy noýabrda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Guramanyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak, olary has-da höweslendirmek boýunça degişli bäsleşigi yglan etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:48 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
daskent gul THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

daskent forum s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Soňkylar Habar

GitTop