Dark
Light
29.01.2026
energetika THE ASHGABAT TIMES

14-nji dekabr – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

14.12.2025

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy.

Berkarar Watanymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek bilen bagly kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarymyza laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň bu taslamanyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlydygymyzyň nobatdaky mysalyna öwrüldi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Tebigy serişdelere örän baý Diýarymyzda nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu gün egsilmez tebigy baýlyklaryň mekany bolan Türkmenistan dünýäniň iri, kuwwatly we ösen nebitgaz pudagy bolan döwletleriniň hataryna girýär. Bu hakykatdan ruhlanýan burawlaýjylarymyz ýylyň-ýylyna uly işleri amala aşyrýarlar. «Bu günki burawlaýyş ertirki nebitdir» diýen şygar astynda zähmet çekýän baýlyk gözleýjilerimiz ýerasty tebigy baýlyklaryň uly gorlaryny özünde jemleýän täze meýdançalardaky nebitgaz gorlarynyň üstüni açmakda, ýataklary senagat taýdan işe girizmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalar dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Goý, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

002 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Plenar mejlis Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dowam etdi

yunesko dim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop