Dark
Light
04.02.2026
donald trump space THE ASHGABAT TIMES

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kosmos giňişligini özleşdirmek boýunça täze strategik karara gol çekdi

23.12.2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň kosmos pudagyndaky artykmaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze strategiýany tassyklady. Ak Tamyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan resmi resminama laýyklykda, amerikan astronawtlaryny 2028-nji ýyla çenli Aýyň ýüzüne gondurmak we 2030-njy ýyla çenli ol ýerde hemişelik ylmy bazany döretmek esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenilýär.

Prezidentiň karary kosmos ykdysadyýetini ösdürmek üçin 2028-nji ýyla çenli pudaga 50 milliard dollar möçberinde maýa goýumyny çekmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem, 2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ornuny tutjak täze täjirçilik platformalaryny döretmek maksat edinilýär. Mundan başga-da, Aýda durnukly energiýa çeşmesini döretmek üçin ýadro reaktorynyň taslamasynyň 2030-njy ýyla çenli taýýar edilmegi talap edilýär.

Dolandyryş ulgamynda bolsa düýpli özgermeler amala aşyrylýar. Karara laýyklykda, Kosmos boýunça Milli geňeş ýatyrylyp, onuň ähli ygtyýarlyklary Ylmy-tehniki syýasat boýunça edara geçirildi. Bu üýtgeşme kosmos maksatnamalarynyň ylmy we tehniki esasda has netijeli amala aşyrylmagyna şert döreder.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

atajan tagan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen edebiýatynda uly ýitgi: meşhur ýazyjy Atajan Tagan aradan çykdy

arkadag toparyyy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şu gün «Arkadag» topary Bahreýniň topary bilen duşuşar

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop