Dark
Light
05.02.2026
bmg diploma THE ASHGABAT TIMES

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.12.2025

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli häsiýete eýedigini hem-de uzak geljege gönükdirilendigini ýene-de bir gezek anyk görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, 23-nji oktýabrda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahatyň çäklerinde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi. Şeýle hem degişli döwürde Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň 2025-nji ýylyň 25-nji awgusty — 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ikinji yzygiderli sessiýalarynyň dowamynda BMG-niň bu düzümleriniň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça maksatnamalary tassyklanyldy. 

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ady agzalan orta möhletli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, netijeli gatnaşyklary ösdürmek, anyk işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy we tassyklanyldy. 

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistan ählumumy ynsanperwer gün tertibiniň ilerledilmegine uly goşant goşmak bilen, parahatçylygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, umuman, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.

Arslan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

himiya s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

icc 4150 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop