Dark
Light
26.12.2025
image 24 12 25 11 36 THE ASHGABAT TIMES

«Arkadag» FK Bahreýniň «Al-Khalidiya» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi

25.12.2025

24-nji dekabrda Arkadag şäheriniň stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan «Çempionlar ligasy — 2»-niň  B toparynyň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň wekili «Arkadag» FK öz meýdançasynda Bahreýniň güýçli topary «Al-Khalidiya» bilen duşuşdy. Geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

image 24 12 25 11 36 2 THE ASHGABAT TIMES

Duşuşygyň ýeke-täk goly ilkinji ýarymyň tamamlanmagyna bir minut galanda, 45-nji minutda «Arkadag» FK-nyň hüjümçisi Ýazgylyç Gurbanow tarapyndan geçirildi. Gurbanowyň takyk urgusy duşuşygyň ykbalyny kesgitledi we toparyna möhüm üç utuk getirdi.

Oýnuň dowamynda «Al-Khalidiya» topa eýeçilikde artyklyk gazanan hem bolsa, «Arkadag» FK-nyň goragy berk durdy. Türkmenistanyň wekili garşydaşyň döredip bilen mümkinçiliklerini netijeli ýapyp, garşy hüjüme çykmakda ýokary tizlik görkezdi.

image 24 12 25 11 36 3 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheriniň täze döwrebap stadionynda geçirilen duşuşyk janköýerler tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Bu ýeňiş «Arkadag» FK-nyň halkara arenadaky abraýyny has-da ýokarlandyrdy.

«Arkadag» FK-nyň ýolbaşçylary duşuşykdan soň çykyş edip, toparyň üstünlikleriniň dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1766583717609 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Bitaraplyk binasyndaky muzeýe gezelenç etdiler

2025 09 23 12 43 58 972047 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bişkekde IV Halk Gurultaýy öz işine başlady

Soňkylar Habar

GitTop