Dark
Light
03.02.2026
medklaster THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasteri

19.12.2025

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerinden ugur alnyp, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Lukmançylyk klasterini döretmek biziň ýurdumyz üçin täze tejribe hasaplanylýar.

«Klaster» düşünjesi barada aýdylanda, ol lukmançylyk kömegini bermegiň innowasion usuly bolup, bu ugurdaky beýleki desgalardan we hassahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Ol bir-birine ýakyn aralykda ýerleşen, dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr. Arkadag şäherinde gurlan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini we lukmançylyk işläp taýýarlamakda hem bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenilen innowasion kärhanadyr. Bu lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenilendir.

Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan­-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.

Başy başlanan işler mynasyp dowam etdirilýär. Öňe sürlen başlangyçlar goldaw tapyp, durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmek ugrundaky anyk işler hem halkyň saglygy babatdaky çynlakaý aladalaryň ýene-de bir güwäsi bolup, biziň her birimizi buýsandyrýar. Döwrümiziň şanyna şan goşýan şeýle asylly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Näzik KULIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglygyň gadyryn bilgil…

ykdysadyyet 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ykdysadyýetiň agrar böleginde telekeçilik işi

Soňkylar Makalalar

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.
GitTop