Dark
Light
11.01.2026
jay arkadag THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlary gowşuryldy

12.12.2025

Düýn, 11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bu ýerdäki döwrebap amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ildeşlerimiz üçin uly baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Köp gatly ýaşaýyş jaýynyň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan bezegler bilen bezelen meýdança Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet-sungat ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze öýlere göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunlaryny belende göterdiler. 

Täze öýleriň eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol pursatda asmana ak kepderiler uçuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

11 08pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

bitarap bina taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy açyldy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop