asgabat THE ASHGABAT TIMES

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi

08.12.2025

Düýn – 7-nji dekabrda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.

asgabat yunesko THE ASHGABAT TIMES

2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berdi. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dis taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin!

mugallymlar bilim maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmekde öňdebaryjy usullar

Soňkylar Habar

Awazada haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy

10.12.2025
Düýn – 9-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň

Halkara Adam hukuklary güni

10.12.2025
Her ýylyň 10-njy dekabrynda dünýä jemgyýeti Halkara adam hukuklary gününi belleýär. Bu sene 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Adam

Türkmenistanda baýramçylyk söwdasyna badalga berildi

09.12.2025
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan nyşanly harytlaryň
GitTop