Dark
Light
11.01.2026
bitarap bina taze THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy açyldy

12.12.2025

Düýn, 11-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasy açyldy.

snimok 1 THE ASHGABAT TIMES

Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, halk köpçüligi gatnaşdy.

bina THE ASHGABAT TIMES

Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik keşbi halkany emele getirýän baýdak sütünleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bitaraplyk binasynyň bezeginde Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň we nyşanynyň reňkleri bolan ak hem-de gök reňkler agdyklyk edýär. Ak reňk parahatçylygy, açyklygy, hoşmeýilli erki alamatlandyrsa, gök reňk ählumumy jebisligi, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň öňe sürýän öňüni alyş diplomatiýasyny beýan edýär. 

Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory T.Walowaýa, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýokary ähmiýetini bellediler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jay arkadag THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlary gowşuryldy

snimok 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we BMG-niň baýdagy belende galdyryldy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop