Dark
Light
10.01.2026
tm bas THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

18.12.2025

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de bäsleşikde ýeňiji bolan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde ýylyň başynda yglan eden bäsleşigi döredijilik bilen meşgullanýan watandaşlarymyzyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. 

Döredijilik bäsleşiginde eminleriň gelen netijesine laýyklykda, ýazyjy Ahmet Halmyradow hem-de şahyr Bibi Orazdurdyýewa baş baýraga mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty Maýagözel Babaýewa, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Juma Orazgylyjow, Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew, «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Oraz Abdyýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri Dursun Tekäýewa dagy bolsa bäsleşigiň umumy ýeňijileri diýlip yglan edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

taze yyl caga THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

6942a099a2d09516337077 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gazagystan we Belarus ýadro we radiasiýa howpsuzlygy boýunça Ähtnama gol çekdi

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop