Dark
Light
24.01.2026
merdana nesil THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Merdana nesil – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

08.12.2025

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Birinji şertde gatnaşyjylar eziz Watanymyza, merdana halkymyza söýgüsini, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpasyny, bagtyýar döwrümiziň milli özgertmelerine bolan buýsanjyny çeper beýan etdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta sözleri aýtdylar. Üçünji şertde bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baş baýrak – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Babajan Meretdurdyýew.

1-nji orun – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Yslamberdi Nyýazmämmedow.

2-nji orun – Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aly Jumamuhammedow hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýew.

3-nji orun – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Salyh Baýramgeldiýew, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Jemşit Allaberdiýew hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlisjan Töreýew.

Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden beýleki gatnaşyjylar hem «Şahandaz oglanjyk», «Ylhamly oglanjyk», «Edermen oglanjyk», «Ugurtapyjy oglanjyk», «Watançy oglanjyk», «Sazanda oglanjyk», «Owazly oglanjyk» diýen ugurlar boýunça sylaglanyldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

icc 4374 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk dörediji taglymlara ygrarlylyk

gok onumler THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gök otlaryň saglyga peýdasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop