Dark
Light
15.01.2026
yhhgbas THE ASHGABAT TIMES

ÝHHG-niň okuw maslahatynyň jemleri boýunça duşuşyk geçirildi

26.12.2025

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi binasynda media we maglumat sowatlylygy boýunça tälimçileriň okuw maslahatyny tamamlan wekiller bilen duşuşyk geçirildi.

yhhg 1 THE ASHGABAT TIMES

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim, Adalat ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Halkara habarlar merkeziniň, «Нейтральный Туркменистан», «Adalat» gazetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda media we maglumat sowatlylygy boýunça geçirilen tälimçileriň okuw maslahatynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň yzygiderli ösýän döwründe ýaş nesilleriň media we maglumat sowatlylygyny kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi bu babatda özara pikir alyşmakda we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2025 12 26t10 17 31 9a31ea51 970d 49ac a8c8 2c0148a36476 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda ýaşlaryň sanly dünýädäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy

2025 12 26t13 33 31 31de6b91 7382 44fb ae04 1696398745be THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýapon bilermeni Tokunaga Ýuki türkmen talyplary üçin okuw sapagyny geçirdi

Soňkylar Habar

Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy

15.01.2026
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen duşuşyk geçirildi. Kitaphananyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowa Eýran Yslam
GitTop