media bas THE ASHGABAT TIMES

Astanada halkara mediaforum öz işine başlady

04.12.2025

Şu gün, 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III halkara mediaforum öz işine başlady. Forum Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasy tarapyndan guralýar.

bas THE ASHGABAT TIMES

Forumyň açylyşy Astana şäherindäki Maksut Narikbaýew uniwersitetinde geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan hem žurnalistler, media wekilleri gatnaşýar.

calys THE ASHGABAT TIMES

Žurnalistik başarnyklary ýokarlandyrmak, durnukly žurnalistikany kemala getirmek, bu ugurdan ökde hünärmenleri taýýarlamak, ösen halkara tejribäni durmuşa ornaşdyrmak ýaly wezipeler şu gezekki mediaforumyň esasy gün tertibinde kesgitlenildi.

bas 2 THE ASHGABAT TIMES

Mediaforumyň dowamynda halkara duşuşyklaryň birnäçesi, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen maslahatlar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk, maglumat howpsuzlygy boýunça duşuşyklar meýilleşdirilýär.

«Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III halkara mediaforumyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler halkara tejribäni özleşdirmek, özara pikir alyşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda täze tejribeleri ornaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dil owren THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil – halklary birleşdirýän köpri

olimp hal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara internet olimpiadasy geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop