Dark
Light
25.01.2026
yaslar 25 THE ASHGABAT TIMES

Asylly maksatlardan ugur alyp

22.12.2025

Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýlişi ýaly, ylym ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bilim — beýik işlere badalga, ylym bolsa bagtyýarlykdan binýat bolan durmuşyň synmaz sütünidir. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys».

Häzirki wagtda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda alnyp barylýan döwletli işler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Muny ýylyň-ýylyna ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ugurlaryndan alyp barýan ylmy işleriniň täzeçilligi hem-de netijeliligi bilen häsiýetlendirmek bolar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek döwrüň talaby bolup, ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda alyp barmakda mynasyp orun eýeleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda bu ugurlary ösdürmekde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maliye pul THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maliýe bazaryny ösdürmek – döwrüň talaby

img 4091 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Portugaliýanyň Merkezi Banky 2026-njy ýyl üçin Cristiano Ronaldo hormatyna 7 ýewrolyk ýadygärlik pul bukjasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop