Gündogar senenamasynda 2026-njy ýyl ýyndamlygy, gujur-gaýraty we erki alamatlandyrýan Ýylky ýyly hökmünde häsiýetlendirilýär. Müçe ýyllary tebigaty, häsiýeti, reňki we sany boýunça seljerilýär. Ata-babalarymyz ir wagtdan bäri ýyldyznamalara uly üns beripdirler. Bu ugurda ylmy açyşlary miras galdyran beýik alymlaryň hatarynda Omar Haýýam, Hoja Abdylkerim Termezi, Hekim Aly Tabrizi, Mahmyt Kaşgarly, Abureýhan Biruni, Fazl ibn Sarahsy ýaly şahsyýetleri agzamak bolar.
Gündogar ýyldyznamasy boýunça Ýylky ýyly işjeňligiň we ösüşiň ýyly hasaplanýar. Ýylky ýyndam bolany üçin, bu ýylda işeňňir, çalasyn we zähmeti söýýän adamlar dürli ugurlarda üstünlik gazanarlar. Akyldarlaryň bellemegine görä, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda aýratyn ösüşler garaşylýar. At paýhasly we güýçli häsiýetlendirilýär, şonuň üçin bu ýyl yhlas bilen zähmet çekýänler maksadyna ýetip bilerler.
Ýylky — tizligiň we hereketiň nyşanydyr. Şu nukdaýnazardan, çeşmeler ulag ulgamlarynda hem täze ösüşleriň boljakdygyny nygtaýarlar. Şeýle-de, atyň gözelligi we sazlaşygy sebäpli sungat we medeniýet ulgamynda zähmet çekýänler öz halal zähmetiniň hözirini görerler. Halk yrymlaryna görä, Täze ýylda akar suwuň çalt akmagy, şemalyň batly öwüsmegi, ýagyşlaryň ýagmagy we guşlaryň süri-süri bolup uçmagy şowlulygyň we berekediň alamaty hasaplanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanmagyna az gün galdy. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly: «Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris».
Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.