Dark
Light
10.01.2026
gazna sahamca THE ASHGABAT TIMES

Awazada haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy

10.12.2025

Düýn – 9-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň astynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugy belende galdyryldy. Soňra «Aýterek—Günterek» sazy belentden ýaňlanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň baýdagy ýokary göterildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gutlag sözi bilen çykyş edip, şahamçany açdy.

Täze şahamçanyň açylyş dabarasynyň «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň işi bilen utgaşyklykda bolup geçmegi oňa gatnaşan daşary ýurtly zenanlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hasyl toýy — zähmetiň beýany, bereketiň şanly dabarasy

1765315764659 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

At üstündäki oýunlar toparynyň ýaş gyzlary ussatlygyny görkezdiler

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop