2025-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk ep-esli ösdi, özara ynam we dostluk ýörelgelerine esaslanyp has-da pugtalandy we giňedi. 2017-nji ýylda gol çekilen «Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama» laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we täze ugurlarda özara peýdaly başlangyçlary durmuşa geçirmek aýratyn möhümdir. Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gozalow bu barada AZERTAC-a beren interwýusynda aýtdy.
Ol 2025-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli özara saparlaryň, duşuşyklaryň we çäreleriň ykdysady, energiýa, ulag, üstaşyr geçirmek, medeni, ynsanperwer we sosial ulgamlar ýaly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi üçin berk binýady döredendigini belledi. Şu ýylyň iýul aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwa we Garabaga sapar etdi, şol ýerde strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlugy çuňlaşdyrmak üçin möhüm ädimler ädildi.
Diplomat saparyň dowamynda ykdysady, energetika, medeni, ynsanperwer we sosial ulgamlardaky birnäçe başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň kesgitlenendigini nygtady: «Awgust aýynda Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna sapary mahalynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy, bu bolsa sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmek we ulag-üstaşyr gatnawlary babatda özara peýdaly hyzmatdaşlyk barada birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek üçin möhüm mümkinçilik döretdi».
G.Gozalow oktýabr aýynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň 12-nji sammitiniň çäginde geçirilen çäreleriň iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrandygyny aýtdy. Prezident Ilham Aliýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we sebitleýin başlangyçlar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Gabalada geçirilen sammitiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasy medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini has-da artdyrdy. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen sammitde Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul edilmegi sebitdäki hyzmatdaşlygyň arhitekturasyna täze element goşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Baştutanyny 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek indiki sammite gatnaşmaga çagyrmagy Türkmenistanyň ýurdumyza açyk goldaw berýändigini görkezýär» diýip, ilçi nygtady. Şeýle hem ol sammitde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Ilham Aliýewi gutlandygyny ýatlady.
«THE ASHGABAT TIMES».