Balkan welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplyk toýuň gutly bolsun, jan Watan!» atly dabara geçirildi. Oňa welaýat we etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen döwletliliginiň goşa sütünidigini bellediler.
Dabaranyň dowamynda sebitiň tanymal bagşy-sazandalary, estrada aýdymçylarydyr çeper höwesjeňleri çykyş edip, toý mähellesiniň buýsançdan doly göwünlerini has-da galkyndyrdylar.
«THE ASHGABAT TIMES».