Dark
Light
24.01.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Bedew – beýik üstünlikleriň nyşany

30.12.2025

Gündogar müçenamasy boýunça täze ýyl ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Behişdi bedewlerimiz bolsa halkymyzyň milli buýsanjydyr, uçar ganatydyr, wepaly ýoldaşydyr. Ahalteke atlary Watanymyzyň ösüş we özgertmeler ýolunda gazanýan beýik üstünlikleriniň nyşany bolup durýar. Olaryň ýyndamlygy okgunly ösüşlerimiziň badyna deňelýär.

Bedew ýylynda ýurdumyzyň baş baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilip geçiljekdigi döwürleriň we nesilleriň sazlaşykly jebisligini hem-de aýrylmaz arabaglanyşygyny emele getirýär. Munda uly bir ajaýyp bitewülik we çuňňur many-mazmun bar. Ösüşiň täze eýýamy Watanymyz, halkymyz üçin şan-şöhratly ýyllara öwrüldi. Berkarar döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek üçin öňümizde uly wezipeler, belent maksatlar goýuldy.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2025-nji ýyl hem ýurdumyzyň iň täze taryhyna guwançly we buýsançly wakalar bilen ýazyldy. Ýylýazgyda ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda, senagatlaşdyrmakda, bazar ugurly özgertmeleri ilerletmekde, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, ylymda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri we depginli ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Tamamlanyp barýan ýylyň Türkmenistan üçin şowly ýyllaryň biri bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji ýylyň başyndan bäri durnukly saklanýar. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artdy.

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aktau 22 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aktau şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

dsc 0298 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop