Dark
Light
28.01.2026
mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar

17.12.2025

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegini talap edýär. Şu jähetden, bilim ulgamynyň barha çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Okuw işine interaktiw-multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Täze açylýan mekdeplerde okuwçylaryň netijeli okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertler bar.

Biz — mugallymlar özümiz hakda edilýän hemmetaraplaýyn alada döredijilikli we yhlasly zähmetimiz bilen jogap berip, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmelere mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga çalşarys. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Şemşat GURBANBAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nar diplomatia THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halklar – bir jebis maşgala

bitarap kitap THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak – dünýä nusgalyk ýol

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop