Dark
Light
24.01.2026
mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES

Bilim iň gymmatly hazynadyr

08.12.2025

Täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji, şol sanda iň gymmatly hazyna hökmünde baha berilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaş nesliň belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris» diýen sözlerinden ugur alnyp, häzirki wagtda ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylyp, okuw kitaplary yzygiderli neşir edilýär. 1-nji synpa gadam basýan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň sowgat hökmünde gowşurylmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi möhüm taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Şeýle hem şu ýyl orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açyldy. Mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bilim ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribeler ýurdumyzyň bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň Ýer ýüzüniň maglumat giňişliginden erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Jemläp aýdanyňda, ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan möhüm işler biz ― bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bahtyýar KANDYMOW,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image 07 12 25 03 29 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabadyň ýüreginde geçen Rojdestwo şowhuny

dil owrenm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil – halklary birleşdirýän köpri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop