Dark
Light
25.01.2026
mugallymlar bilim maslahat THE ASHGABAT TIMES

Bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmekde öňdebaryjy usullar

08.12.2025

Bilim bermegiň häzirki döwri mugallymlardan diňe bir düýpli hünär taýýarlygyny däl, eýsem, ýokary derejeli sözleýiş ussatlygyny hem talap edýär. Mugallym okuw prosesiniň esasy gurujysy, okuwçylaryň dünýä garaýşyna we pikire ýetiriş aýratynlygyna täsir edýän ýolbaşçy şahsyýetdir. Şonuň üçin sözleýiş medeniýeti, dogry we täsirli çykyş etmek, düşnükli beýan etmek ussatlygy bilim işgärleriniň hünär kämilliginiň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda dünýä tejribesi ençeme öňdebaryjy pedagogiki usullary hödürleýär.

Bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmegiň iň möhüm ýollarynyň biri — olaryň kommunikatiw gatnaşygyny artdyrmakdyr. Bu ugurda ulanylýan öňdebaryjy usullaryň ençemesi bar. Şunda «Beýni storm», «Açyk mikrofon» ýaly interaktiw görnüşler aýdylýan pikiriň gurluşyny saklamak we wagty netijeli ulanmak ukybyny ösdürýär.

Çykyş etmek — mugallym hünäriniň esasy bölegi. Ritoriki taýýarlygy güýçlendirmek üçin dünýäde giňden ulanylýan usullar bar. Şunda ritorika we oratorlyk tejribelerine esaslanýan türgenleşiklere möhüm orun degişlidir. Bu türgenleşikler ünsüňi sözleriň dogry aýdylmagyna gönükdirýär. Mugallymlar 3–5 minutlyk çykyşlary ýazga alýarlar we soňra özleriniň hem-de hünärmenleriň seljermesi arkaly kemçiliklerini anyklaýarlar. Bu usul ýalňyşlyklary tiz düzeltmäge mümkinçilik berýär.

Sanly tehnologiýalardan peýdalanyp sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmek hem möhüm talaplaryň biridir. Sanly serişdeler häzirki wagtda bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny ösdürmekde örän netijeli serişde hökmünde çykyş edýär. «Zoom», «Microsoft Teams», «Google Meet» ýaly ulgamlar arkaly çykyş etmek hem häzirki zaman mugallymy üçin hökmany başarnykdyr. Onuň artykmaçlyklary görnüş we ses degişli sazlamalaryny dolandyrmakdan, uzakdan auditoriýa bilen aragatnaşyk saklamakdan, sanly dialog gurmak endiklerini ösdürmekden ybaratdyr.

Sözleýiş ussatlygyny ösdürmegiň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri — mugallymlaryň dil baýlygyny, stilistiki duýgusyny we döredijilik ukybyny ösdürmekdir. Mugallymlar esse ýazmak, teswirnama taýýarlamak, syn berme, çykyş teksti ýazmak üsti bilen leksik-grammatiki taýýarlygyny güýçlendirýärler. Mundan başga-da, halypa-şägirtlik hem netijelidir. Tejribeli mugallymlar ýaşlara çykyş guramagyň, diňleýjileri çekmegiň täsirli usullaryny öwredýärler.

Görnüşi ýaly, bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmek döwrebap pedagogikanyň möhüm talaplarynyň biridir. Interaktiw usullar, ritoriki türgenleşikler, sanly çykyş tehnologiýalary, döredijilik iş tejribeleri ýaly usullaryň utgaşykly ulanylmagy mugallymlaryň çykyşlaryny has täsirli, düşnükli, pedagogik taýdan pugtalanan görnüşe getirýär. Şeýlelikde, peýdaly aragatnaşyk, täsirli öwretmek, ýokary bilim hilini üpjün etmek ýaly möhüm maksatlara ýetilýär.

Aýgül ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň Ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asgabat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi

dxwwbrpk1apsb1x1285ajqnkzro3jf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Latwiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop