Dark
Light
24.01.2026
yaslar sanly ulgam 25 new 1 THE ASHGABAT TIMES

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025

Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly ýylyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzyň milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Ýakynda, has takygy, 24 – 26-njy dekabrda ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça geçirilen olimpiadanyň mysalynda muňa ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Olimpiadalarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular.

Hususan-da, paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen olimpiada biziň institutymyzdan wekilçilik eden talyplar Türkmenistanyň taryhy, Türkmen dili, Rus dili, Iňlis dili, Matematika, Fizika, Himiýa, Ykdysadyýet, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, Inžener grafikasy, Nazary mehanika, Materiallaryň garşylygy, Ekologiýa ýaly derslerden özara bäsleşdiler. Umumylykda, institutymyzyň talyplary tarapyndan 1-nji orunlaryň 10-sy, 2-nji orunlaryň 15-si, 3-nji orunlaryň bolsa 9-sy gazanyldy. Talyplarymyzyň şeýle ýokary görkezijilere eýe bolmaklary institutymyzda berilýän bilimiň hiliniň ýokarydygynyň, ýaşlaryň yhlasly ylym-bilim alýandyklarynyň aýdyň beýanydyr.

Bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle uly aladalaryna jogap edip, eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar döwrümiziň ajaýyp ösüşlerinden ruhlanyp, okamakda, işlemekde, döretmekde, gurmakda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.

Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2025 12 29t12 46 51 8cf778df 33e2 49ea 98bd 33122c5013c3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy «Bitaraplyk kubogynyň» iň gowy oýunçylaryny we ýeňijilerini yglan etdi

ronaldo bayragy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

2026-njy ýylda Ronaldonyň çykyş edýän topary Türkmenistana geler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop