Dark
Light
10.01.2026
img 20251211 103619 THE ASHGABAT TIMES

Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň beýany

11.12.2025

Şu gün ― 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi açyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu sergi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan edip, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň güwäsine öwrülýär.

img 20251211 103214 THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşi bitaraplyk, diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly gülläp ösüş ýörelgeleriniň esasynda kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu barada belläp geçmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryň ähmiýetine ünsi çekýär. Şoňa görä-de, bu giň möçberli sergä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

img 20251211 112426 THE ASHGABAT TIMES

Sergide ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary hem işjeňlik görkezýärler. Hususan-da, birnäçe daşary ýurt dillerinden kämil baş çykarýan talyp ýaşlar degişli pawilýonlara wekilçilik edip, sergä gatnaşyjylary şu gezekki forumyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýarlar. Serginiň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýörite media merkezi hereket edip, bu ýerde žurnalistleriň işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Biz ― ýaş wagyzçylar serginiň çäklerinde, şeýle hem bu ýerdäki media merkezinde makalalary, tele we radiogepleşikleri, myhmanlar bilen interwýulary taýýarlap, forumyň ähmiýetini iň ýokary tizlikde şöhlelendirmekde möhüm işleri alyp barýarys.

img 20251211 103302 THE ASHGABAT TIMES

Buýsanç bilen bellesek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar, sergilerdir forumlar guralýar. Şu gezekki sergi hem baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly dowamydyr. Gözden geçirilişde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri aýdyň görünýär.

Gülşat PIRJANOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, ýaş wagyzçy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fe31c6e226ae80720aa45e7c3df71b2c THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daglar tebigatyň beýik gudraty

1jpg 8upku5y THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halysy — gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop