Dark
Light
24.01.2026
bitarap taze THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

03.12.2025

Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk  ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümizde barha rowaçlanýar. Aýratyn hem, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär. Geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe bolsa Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edildi.

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.

Şeýlelikde,Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň garaýyşlarynyňdyr maksatlarynyň dünýäde howpsuz ýaşaýşyň kadalaryny gazanmakda, parahatçylyk, ynanyşmak, dialog medeniýetini pugtalandyrmakda jemlenendigi tutuş dünýä ýüzüne aýan boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watanydyr!

Aýjeren BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1764439793593 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bakja-bagly ýollarda

mugallym hind THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hindistanly hünärmen türkmen pedagoglary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop