Dark
Light
25.01.2026
bitaraplyk binas THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk ýörelgesi – döwrüň hakykaty

22.12.2025

Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen netijeli ösdürilýär.

Üçünji müňýyllykda Türkmenistan döwletimiz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi derejesinde üç gezek ykrar edilmegi bolsa Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçen ýyllarda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi türkmen Bitaraplygynyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, gülläp ösüşi ilerletmekde näderejede möhüm orun tutýandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlary topary hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam edýär. Ol asuda geljek we işjeň hyzmatdaşlyk üçin özboluşly syýasy-diplomatik guraldyr. Geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň ýokary derejedäki mejlisinde hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna garaldy. Bitaraplygyň mümkinçilikleri iňňän uly bolup, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň hem döredilendigini aýtmalydyrys.

Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gowher THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sungat äleminiň göwheri (eksklýuziw)

hakyda kitap 222 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Keremli sözüň gymmaty

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop