dil bil THE ASHGABAT TIMES

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde dil medeniýetini kämil bilmegiň ähmiýeti

07.12.2025

Globalizasiýa döwründe daşary ýurt dillerini özleşdirmek diňe bir dil birlikleriniň grammatik gurluşlaryny we söz baýlygynyň çäklerini bilmek bilen çäklenmeýär. Häzirki zaman dil öwrenişi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, medeni aragatnaşygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegine öwrüldi. Şol sebäpli hem daşary ýurt dillerini öwrenmekde dil medeniýetini, ýagny dildäki medeni-etik, kommunikatiw, milli dünýägaraýyş aýratynlyklaryny kämil bilmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Dil medeniýeti — kommunikatiw başarnygyň esasy bölegi. Her bir dil diňe bir leksika-grammatiki gurluş däl, eýsem, jemgyýetiň ýaşaýyş ýörelgeleri, adaty düşünjeleri, däp-dessurlary bilen utgaşýan ýaşaýyşa degişli ulgamy özünde jemleýär. Dil medeniýetini bilmek dogry ýagdaýda dogry sözlem saýlamaga, ýalňyş düşünmeleriň öňüni almaga, gepleşikde edep-etikany berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa daşary ýurt dilinde aragatnaşygyň tebigy we ynamdar bolmagyna täsir edýär.

Medeni aýratynlyklar dildäki manylaryň dogry düşünilmegini üpjün edýär. Dil medeniýetiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda möhüm rol oýnaýandygyny dünýä tejribesi tassyklaýar. Bir söz ýa-da fraza dürli jemgyýetlerde başgaçalyk bilen kabul edilip bilýär. Mysal üçin, salamlaşyk, hoşlaşyk formalarynyň dürli ýurtlarda aýratyn dereje-de üns talap etmegi, minnetdarlyk bildirmegiň hem-de ötünç soramagyň aýratyn medeni normalara görä üýtgemegi, mimikalaryň dürli medeniýetlerde başga many berip bilmegi. Bu aýratynlyklar öwrenilmedik halynda adamlar arasynda dil päsgelçiligi däl-de, «medeni päsgelçilik» ýüze çykýar.

Dil medeniýeti daşary ýurt dilinde erkin we döredijilikli pikirlenmäni üpjün edýär. Dil öwrenmegiň maksady diňe bir sözleri öwrenip geplemek däl, eýsem, şol dilde pikir ýöretmegi özleşdirmekdir. Şol sebäpden pähim-paýhaslar, idiomalar, nakyllar ýaly dil baýlygy medeni mazmuna daýanýar, aýdylýan pikiriň stilistiki talaplara laýyk gelmegi dil medeniýetiniň derejesine bagly bolýar. Dil medeniýeti ösdürilende okuwçy ýa-da talyp täze dilde döredijilikli, erkin, many taýdan baý gepleşik alyp barýar. Bu usullar dilli diňe nazary taýdan däl, durmuşy taýdan hem özleşdirmäge kömek edýär.

Jemlä aýdanyňda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde dil medeniýeti kämil derejede bilinmese, dil aragatnaşygy doly manyda gerçekleşip bilmeýär. Sebäbi her bir dil öz içinde bir halkyň dünýäni kabul edişiňi, ýörelgesini, pikirleniş ulgamlaryny saklaýar. Şonuň üçin hem dil öwreniş prosesinde medeni aýratynlyklary öwrenmek, kommunikatiw etiket bilen tanyşmak, halkyň dil arkaly beýan edýän dünýäsi bilen içgin gyzyklanmaga ýsnyşykly çemeleşmek zerurdyr. Dil medeniýetini özleşdiren adam diňe bir täze dilde geplemek bilen çäklenmän, eýsem dünýä giňişliginde aragatnaşygyň medeni taýdan kämil, özara hormat esasynda alnyp barylmagyna hem goşant goşýar.

Ogulnur SUPANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ylym-bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hgibasss THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

image 07 12 25 03 29 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabadyň ýüreginde geçen Rojdestwo şowhuny

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

10.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

10.12.2025
Ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

10.12.2025
Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi,

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY JARNAMASYNA GOŞULMAGY

10.12.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligindäki ornuny berkidendigi onuň adam hukuklaryny goramak ulgamynda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan möhüm çözgütler
GitTop