Dark
Light
15.01.2026
dil owren THE ASHGABAT TIMES

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli bilim ulgamynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, daşary ýurt dillerini öwredýän ussat mugallymlary, zehinli terjimeçileri taýýarlamak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis we nemes dillerini öwrenmek möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryňdyr hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.

Daşary ýurt dillerini okatmakda bilim tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmagy başarmak, dili öwrenilýän ýurduň medeniýetini we taryhyny bilmek möhümdir. Bu babatda iňlis we nemes dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek, dünýä tejribesine laýyklykda bu dilleri okatmagyň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek, dil öwretmegiň innowasion usullaryny jemlemek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarydyr.

Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Selbi TÄJOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak ugrunyň Ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyñ talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

seydi maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş fizikleriň duşuşygy

media bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Astanada halkara mediaforum öz işine başlady

Soňkylar Makalalar

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

15.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi jemgyýetçilik-syýasy taýdan örän ähmiýetli bolup, türkmen halkymyz 2026-njy ýyla ― «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan

Beýik işler bilime daýanýar

14.01.2026
Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň

Türkmen sporty şöhratlanýar

13.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde geçen ýyla nazar aýlanymyzda ylymly-bilimli,

Aýdyň maksatlar bilen bedew batly ösüşlere

13.01.2026
Her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, onuň özüne mahsus şygarynyň yglan edilmegi döwletimiziň ösüş ýolunyň ruhy, syýasy we strategik ugruny kesgitleýän möhüm wezipedir. Şundan ugur alnyp,
GitTop