Dark
Light
10.01.2026
bmg halkara THE ASHGABAT TIMES

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

10.12.2025

Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek halkara forum hem döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk, parahatçylyk we ynanyşmak strategiýasyny işjeňleşdirmekde täze tapgyry açar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy bütin dünýäde giňden dabaralanýar. Şunda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şanly ýylymyzyň wekilçilikli forumy bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bu halkara forumyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şoňa görä-de, bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Halkara giňişlikde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Batir ISMAILOW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

422342445466 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY JARNAMASYNA GOŞULMAGY

zenan for THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop