Dark
Light
02.02.2026
1766255394685 THE ASHGABAT TIMES

ELEKTRON HOWPSUZLYK DÖWRÜŇ MÖHÜM TALABYDYR

21.12.2025

Türkmenistan döwletimizde häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň gazananlarynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli  aladasy netijesinde täze tehnologiýalar ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrylýar.

Elektron howpsuzlyk – häzirki zaman goragynyň “akylly” galkany bolup durýar. Häzirki wagtda diňe bir demir gapylar we galyň diwarlar biziň howupsyzlygymyzy üpjün etmek üçin ýeterlik däl. Tehnologiýanyň ösmegi bilen, elektron howupsyzlyk (Electronic Security) biziň jaýlarymyzy, ofislerimizi we jemgyýetçilik ýerlerini goramakda iň ygtybarly serişdä öwrüldi. Eýsem, elektron howpsuzlyk näme? Elektron howpsuzlyk — bu howplary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we gyssagly habar bermek üçin döredilen tehniki ulgamlar. Ol adaty gorag işgärleriniň ýerini çalşyp ýa-da olaryň işini ýeňilleşdirip, 24 sagatlap üznüksiz gözegçiligi üpjün edýär. Elektron howpsuzlygyň esasy düzüm bölekleri aşakda görkezilenlerden ybarat bolup, bu ulgamda birnäçe esasy enjamlaryň sazlaşykly işlemegine esaslanýar:

  1. Wideo gözegçilik ulgamlary (CCTV): Bu iň giňden ýaýran görnüşdir. Kameralar wakalary wideo ýazga alýar we göni ýaýlymda (onlaýn) telefondan ýa-da kompýuterden tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Akylly kameralar indi diňe bir ýazga alman, eýsem adamyň ýüzüni tanap, hereketi anyklap hem bilýärler.
  2. Giriş gözegçilik ulgamlary (Access Control): Binalara diňe rugsat berlen adamlaryň girmegini üpjün edýär. Munuň üçin magnit kartoçkalar, kodly gulplar ýa-da biometrik skanerler (barmak yzy, gözüň göreji ýa-da ýüz keşbi tanaýan enjamlar) ulanylýar.
  3. Duýduryş (Signalizasiýa) ulgamlary: Ogurlyga garşy bolup, gapylar ýa-da penjireler bikanun açylanda, otagda hereket duýlanda gaty sesli signal berýär we gorag gullugyna habar ugradýar.
  4. Ýangyna garşy: Tüsse duýduryjylary ýangyn dörän badyna suw sepmek ýa-da duýduryş bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda elektron howpsuzlyk bilen kiber howpsuzlyk düşünjeleriniň biri-biri bilen garyşdyrylýan, çalşyrylýan ýerlerine hem duş gelmek bolýar. Indi bu iki ugruň has ýakynlaşýandygyna garamazdan, olaryň arasyndaky az-kem tapawutlary-da belläp geçmek ýerlikli bolar: kiber howpsuzlyk internet we kompýuter ulgamlarynda maglumatlary, programma üpjünçiligini, torlary wirtual (sanly) hüjümlerden, wiruslardan programmalaryň, kodlaryň, kriptografiýanyň kömegi bilen goraýan bolsa, elektron howpsuzlyk – biziň öýlerimizi, ofislerimizi, ammarlarymyzy, edara-kärhana binalarymyzy fiziki howplardan, ogurlykdan kameralaryň, gulplaryň, ýörite sesleriň kömegi bilen goraýar.

Elektron howpsuzlyk biziň gün-günden ösüp barýan durmuşymyz üçin iňňän möhüm bolup, olar howp dörän halatynda çalt habar bermek ýa-da jenaýatçynyň öz gara niýetinden el çekmegi ýaly ýagdaýlary üpjün edip biler.

Gülşirin ALLAMYRADOWA

Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

271223 44 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÝAŞLAR – KÄMILLIK ÝOLUNDA

213142422132424 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” bagyşlanan ýubileý sylaglarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop