seydi institut THE ASHGABAT TIMES

Fizika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi

15.12.2025

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi.

Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde dünýäniň 14 döwletinden, ýagny, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalaryndan talyplaryň 380 töweregi gatnaşdy. 

Bu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ufa döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Nyzamy adyndaky Özbegistanyň milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Hinjiang uniwersitetiniň, Täjigistanyň milli uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Memfis uniwersitetiniň, Azerbaýjanyň tehniki uniwersitetiniň we L.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
nar diplomatia THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi

zurnalistler THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köpçülikleýin habar serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr

Soňkylar Habar

GitTop