Dark
Light
24.01.2026
gok onumler THE ASHGABAT TIMES

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025

Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy ýatdan çykarmazlyk gerek. Geliň, olaryň iň peýdalylarynyň käbirleriniň artykmaçlyklaryny ýatlalyň:

Şibit (ukrop) A, С, K witaminlerine baýdyr. Düzümindäki magniý, demir, kaliý we beýleki peýdaly elementler ýürekde we kellede ganaýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Ukrop derini gözelleşdirip, nerwi ulgamyny kadaly saklamaga ýardam edýär.

Kinza ganyň düzümindäki şekeriň derejesini peseldýär. Özüňi rahat duýmakda, bakteriýalardan saplanmakda, şeýle hem iýmit zäherlenmeleriň öňüni almakda kinza örän peýdalydyr.

Petruşka peýdaly maddalara we minerallara örän baýdyr. Düzümindäki askorbin kislotasynyň köplügi bilen gök önümleriň we otlaryň köpüsinden öňe geçýär. Petruşkanyň 100 gramyny iýmek bilen günüň dowamynda bedene zerur bolan K witamininiň köp bölegini gazanyp bileris. Süňkleriň sagdynlygyny saklamakda, gözüň görejini gowulandyrmakda ol peýdalydyr.

Gök sogan A, С, K witaminlerine, kaliýe, kalsiýe, kremnä örän baýdyr. Ol organizmde marganesiň we sinkiň ýetmezçiliginiň öňüni alýar. Iýmit siňdirişini gowulandyrmakda, içegäniň işini kadaly saklamakda, bakteriýalara garşy göreşmekde, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almakda peýdaly häsiýetleri özünde jemleýär.     

Timýan adam bedeni üçin iň peýdaly otdur. Onuň düzüminde demir örän köpdür. Şeýle-de ol kaliý, kalsiý, magniý we A, B, E, C witaminlerine örän baýdyr. Onuň düzümindäki gymmatly maglumatlaryň biri-de efir ýagydyr. Tagamly içgileri we souslary taýýarlamakda hem timýan köp ulanylýar.

Ysmanagyň düzümi A, С, K witamininden, foliý kislotasyndan, demirden, kaliýden durýar. Düzümindäki lýutein göz üçin örän peýdalydyr.

Mahym ÖWLIÝAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

merdana nesil THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «Merdana nesil – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

dis taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop