Dark
Light
28.01.2026
nar diplomatia scaled THE ASHGABAT TIMES

Halklar – bir jebis maşgala

17.12.2025

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine, ählumumy abadançylygyň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimizde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenip geçildi. 12-nji dekabrda bütin dünýäniň nazary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza gönükdi.

Maslahatlar merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyna aýratyn üns çekilip, Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmak teklip edildi. Şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak üçin BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek teklip edildi.

Halkara forumyň açylyş dabarasynyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Yrak Respublikalarynyň, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem Pakistanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eswatini Patyşalygynyň, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministrleri çykyş edip, Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.

«Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýandygyny belledi. Plenar mejlisiň dowamynda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş edip, giň wekilçilikli maslahatyň Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýändigini aýratyn nygtadylar.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat tejribe alyşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk derman THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sagdyn durmuş – bagtly ýaşaýyş

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop