Dark
Light
02.02.2026
saglyk bina THE ASHGABAT TIMES

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

16.12.2025

«Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy saglyk» diýip, ähli ugurda baý tejribelerini, ýagşy durmuş ýörelgelerini miras goýup giden ata-babalarymyz sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bahasyz baýlyk hasaplapdyrlar. Şeýle asylly ýol-ýörelgeleriň Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýändigi ählimizi diýseň buýsandyrýar.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenip, «Kalbyň şypasy» atly binasy açyldy. Bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adynyň dakylmagy taryhy wakadyr.

Milli Liderimiz: «Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlüdir. Çünki saglyk geljegi gurmakda iň esasy sütündir» diýip belleýär. Bu jümleler ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelip, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary gurlup, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Goý, berkarar döwletimizi gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykarýan, halkymyzyň saglygyny, ýaşaýyş-durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň belent başlary hemişe aman bolsun!

Agamyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýürek-damar hirurgiýasy okuwly gospital hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

masynlar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara ders bäsleşikleriniň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanyldy

bas surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop