Dark
Light
10.01.2026
glawny THE ASHGABAT TIMES

Hasyl toýy — zähmetiň beýany, bereketiň şanly dabarasy

10.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi aýratyn şatlyk bilen bellenilýär. Häzirki wagtda — Hasyl toýy, türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine goýulýan belent sarpanyň, döwlet derejesinde berilýän hormatyň beýanydyr.

Topraga yhlas siňdirip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýän daýhanlarymyz ýurdumyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşant goşýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem olaryň yhlasly zähmeti öz miwesini berdi. Däneçilikde, ýüpekçilikde, maldarçylykda we beýleki ugurlarda gazanylan guwandyryjy netijeler halkymyzyň toý saçagyny datly, şirin önümler bilen bezedi

Güneşli Diýarymyzy gurşap alan Hasyl toýunyň dabaralary edermen zähmetkeşlerimiziň sahawatly topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjyň nyşanydyr. Bu sene ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşup, beýik döwrümize bolan guwanjy has-da artdyrýar, päk zähmete bolan yhlasy güýçlendirýär.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde ýurdumyzyň bereket-bolçulygyny üpjün edýän zähmetsöýer halkymyzyň öndürijilikli zähmeti eşretli durmuşyň binýadyny berkitýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Şanly baýram gününde ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler. Hasyl toýy diňe bir daýhanlaryň zähmetiniň baýramy bolman, eýsem, ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hem dabarasydyr.

Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – döwrüň hakykaty

gazna sahamca THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awazada haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop