Dark
Light
29.12.2025
koneurgenc THE ASHGABAT TIMES

«Horezm» sözüniň manysy

06.12.2025

Türkmen halkynyň her bir daban ýeri taryhyň möhüm wakalaryndan, bahasyna ýetip bolmajak pursatlaryndan habar berýär. Gojaman türkmen topragynyň her ýerinde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy galalardyr orta asyrlara degişli şäherler, dürli döwürleriň köşkleri, gözegçilik diňleri, depesi gök direýän minaralar, ajaýyp metjitler, kitaphanalar hem mawzoleýler taryhyň esgerleri ýaly bolup durlar. Türkmen topragy adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Şeýle medeniýetleriň, beýik döwletleriň yzlaryny Daşoguz welaýatynyň mukaddes topragynda hem görmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, Daşoguz iliniň topragynda gadymyýetde Horezm medeniýetleri, döwletleri, ol döwletleriň Horezmşa derejelerini alan beýik soltanlary, Ürgenç ýaly baý şäherler bolan. Ilki bilen, Horezm welaýaty barada gürrüň açsak, bu ýer Amyderýanyň aşak akymlaryny öz içine alan taryhy-geografiki welaýat bolupdyr. Horezm welaýatynyň çäkleri ol döwürlerde has giň eken. «Welaýatyň günorta serhedi Amuldan başlanyp, demirgazykda Aralyň ýakalaryna çenli, günbatarda Garagum çölünden, Üstýurtdan gündogarda Gyzylgum çölüne çenli ýetipdir. Geografiki taýdan Horezm iki bölege Çep kenara we Sag kenara bölünýar» diýip, «Jahannama» eserinde bellenilip geçilýär. Muhammet ibn Najyp Bekranyň «Jahannama» atly kitabynda bellemegine görä, Horezm Merkezi Aziýanyň ösen irrigasiýaly ekerançylyk, hünärmentçilik, söwda we medeni ojaklaryň biri bolup, Horezmiň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigini aýdyp geçipdir.

Bu ülke gadymy döwrüň ýazuw çeşmelerinde dürli görnüşde atlandyrylypdyr. Otparazalaryň mukaddes kitaby bolan Awestada bu ýer «Hvarizem» diýlip agzalyp geçilýär. Wawilon ýazgylarynda bolsa «Humarizma» diýlip atlandyrylýar. Elam ýazgylarynda ol «Marazmiş» diýen adalga bilen ulanylýar. Gadymy pars ýazgylarynda bolsa, bu sebit «Uvarazmiş» atlandyrylypdyr. Gadymy grek taryhçylarynyň ýazgylarynda bolsa ol «Xorawmia» diýip atlandyrylýar. Latyn ýazgylarynda bolsa bu ülkä «Chorosmia» diýlip atlandyrylyşyna duş gelmek bolýar.

«Gadymy Horezmiň taryhy bilen gyzyklanan alymlar welaýatyň adynyň gelip çykyşyny dürli hili düşündiripdirler. Horezim ady iki sözden «Hwar» we «Zem» sözlerinden gelip çykypdyr. Dilçi alymlaryň hemmesi «zem» sözüniň «ýer» diýmegi aňladýandygy bilen ylalaşýarlar. Sözüň başky «Hwar» böleginiň manysy hakynda dürli pikirler bar. Olaryň arasynda «Hwar» sözüni «gün», «güneşli» diýip düşündirýän alymlaryň pikirini taryhçylar hakykata ýakyn hasaplaýarlar. Şeýlelikde Horezm ady «Hwar» we «zem» sözleriniň goşulmagyndan emele gelip , «Güneşli ýer» diýen manyny aňladypdyr.

Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym-bilim edaralaryny dolandyrmakda milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşygy

emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda iş kesilen 231 raýatyň günäsi geçildi

Soňkylar Makalalar

Täze ýyl – maşgala baýramçylygy

29.12.2025
Ýüreklere joşgun, kalplara ylham, söýgi eçilýän Täze ýyl bosagada. Ýene sanlyja günden dünýäniň tas ähli ýerinde bellenilýän, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem

Bilim we ykdysady ösüşiň täze mümkinçilikleri

29.12.2025
2026-njy ýyl bilim we ykdysadyýet ugurlarynda täze çemeleşmeleriň we durnukly ösüşe gönükdirilen strategiýalaryň durmuşa geçirilýän döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Häzirki döwrüň şertlerinde bilimli, hünär taýdan

Bedew batly ösüşleriň mekany

28.12.2025
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde, dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan
GitTop