Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýene-de bir ajaýyp ýyl taryha ýazylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, milli bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem zähmet üstünliklerine beslendi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpeleri milli watançylyk ruhunda ýetişdirmekde, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde, okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmakda gazanylan tejribeler Täze ýyla has ynamly gadam basmaga ruhlandyrýar.
Biz hem bakja-bagymyzda ýyllyk iş meýilnamasy esasynda usuly-guramaçylyk, okuw-terbiýeçilik, hojalyk-dolandyryş işlerini maksadalaýyk alyp barmaga çalyşýarys. Körpe nesilleri döwrüň ruhuna mahsus kemala getirmekde tejribelerimizi artdyrýarys. Täze, 2026-njy ýyly hem ýene-de bir nobatdaky üstünligimiz bilen garşylaýarys. Ýagny her ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilmegi däbe öwrülen «Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi» atly toparlaryň arasynda baýramçylyk çykyşlarynyň bäsleşiklerinde II uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparymyz welaýat derejesinde baş baýraga mynasyp boldy.

Bu üstünlikde bakja-bagymyzyň aýdym-saz ýolbaşçysy Selbi Jopbyýewanyň, toparyň terbiýeçisi Akjemal Gurbannazarowanyň birleşen tagallalary bellenilmäge mynasypdyr. Toparyň çagalarynyň baýramçylyk çykyşlary, sahna parçalary, aýdym-sazlary Täze ýyl şüweleňine şatlyk paýlady. Şeýle-de çykyşlarda rus dili mugallymy Aýlar Akmyradowanyň, iňlis dili mugallymy Tatýana Orazowanyň çagalar bilen daşary ýurt dillerinde taýýarlan çykyşlary parahatçylygy we dost-doganlygy wasp etdi. Biz hem şeýle döredijilik üstünlikleri bilen täze, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly, at-myradyň mekany» ýylymyzda hem has-da netijeli zähmet çekip, milli bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşarys.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, ýyllarymyza bagt nuruny çaýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys, ata Watanymyza Täze ýylda has belent üstünlikleri arzuwlaýarys.
Oguldursun GURBANOWA,
Mary şäheriniň 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.