Soňky ýyllarda global klimatyň özgermegi sebäpli ähli pasyllarda, aýratyn hem tomus aýlarynda howanyň temperaturasy has güýçli ýokarlanýar. Şu ýagdaýlary nazara alyp, Ispaniýanyň Hökümet başlygy Pedro Sançes geljek ýylyň tomsundan başlap, aşa yssy günlerde adamlaryň salkynlamagy we rahat wagt geçirmekleri üçin ýörite meýdançalaryň guruljakdygyny mälim etdi. Madridde geçirilen maslahatda eden çykyşynda Sançes yssy howa akymlarynyň indi seýrek hadysa däldigini, iýun we awgust aýlarynyň aralygynda howanyň aşa gyzýandygyny aýratyn nygtady. Ispaniýanyň Döwlet meteorologiýa agentliginiň (AEMET) maglumatlaryna görä, ýurtda şu ýyl taryhdaky iň yssy tomus hasaba alnyp, diňe awgust aýynyň özünde 16 günüň dowamynda temperatura 45 derejeden ýokary boldy.
Hökümet tarapyndan maliýeleşdiriljek bu salkynladyjy merkezler ýurduň ähli sebitlerinde gurlar we ähli raýatlar üçin açyk bolar. Häzirki wagtda Katalunýa, Bask sebiti we Mursiýa ýaly ýerlerde ýerli häkimiýetler tarapyndan döredilen şeýle otaglar eýýäm hyzmat berýär. Mysal üçin, Barselona şäherinde kitaphanalar, muzeýler, sport desgalary we söwda merkezleri ýaly ýerlerde jemi 400 sany şeýle gaçybatalga bar. Döwrebap serginledijiler bilen üpjün edilen bu otaglarda raýatlar üçin rahat oturgyçlar we mugt agyz suwy hödürlenýär. Bu başlangyç esasan gartaşan adamlar, çagaly maşgalalar we saglyk ýagdaýy sebäpli yssa dözümsiz kişiler üçin uly ýeňillik döreder.
Mundan başga-da, Sançes klimatyň üýtgemegine garşy göreşmegiň çäklerinde goşmaça taslamalaryň hem durmuşa geçiriljekdigini belledi. Bu meýilnamanyň çäginde kiçi etraplarda siliň öňüni almaga degişli çärelere we tokaý ýangynlaryndan goranmak taslamalaryna 20 million ýewro möçberinde serişde bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Degişli teklipler ýakyn wagtda ýurduň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Wekiller palatasyna hödürlener we resmi taýdan tassyklanar.