Dark
Light
25.01.2026
hakyda kitap 222 THE ASHGABAT TIMES

Keremli sözüň gymmaty

22.12.2025

Kitap — iň gowy söhbetdeş. Halkymyz kitaba mukaddeslik hökmünde seredýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip jaýdar belleýär. Şoňa görä-de, kitaba bolan söýgi halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýar.

Milli Liderimiziň baý durmuş tejribesi, jöwher paýhasyndan dörän kämil eserleri biz ― ýaşlar üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Mertler Watany beýgeldýär» ýaly eserleri özüniň ýokary çeperçiligi, watansöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan çuňňur many-mazmuny bilen biziň hemişelik ýankitabymyza öwrüldi. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem bagtyýar raýatlarymyz, ilkinji nobatda bolsa, biz ― ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän bu eser ähli halkymyz üçin gymmatlydyr.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly tagallalar edip, ýaş nesillere ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Bikejemal ANNANUROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mugallymm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mugallymçylyk – asylly kär

maliye pul THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maliýe bazaryny ösdürmek – döwrüň talaby

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop