Dark
Light
11.01.2026
a983223f1d036df99a778a553aa9fa2a THE ASHGABAT TIMES

Lebap welaýatynda dokma önümçiligi ýokary depginde dowam edýär

19.12.2025

Lebap welaýatynda dokma senagaty ýylyň dowamynda iň çalt ösýän pudaklaryň biri hökmünde öňe çykdy. «Türkmen gündogary» gazetiniň habar bermegine görä, bu ösüş noýabr aýynyň jemlerinde hem öz derejesini saklap galdy.

Ýylyň başyndan bäri welaýatdaky dokma kärhanalarynda nah ýüplükleriň 415 million manatdan gowragy öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12% ösüşiň gazanylandygyny görkezýär.

Ýüpek matalaryň öndürilişi bolsa welaýatyň ykdysady statistikalarynda aýratyn üstünlik hökmünde bellendi. 11 aýyň dowamynda ýüpek matalaryň öndürilişi 66% golaý artdy. Maglumata görä, 2025-nji ýylda welaýatda 249 müň inedördül metrden gowrak ýüpek mata dokaldy. Bu bolsa geçen ýylky görkezijiden tas 100 müň inedördül metr köp önümçiligiň üpjün edilendigini görkezýär.

Lebap welaýatynyň dokma pudagyndaky bu ösüşler sebitde senagat kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny hem-de ýerli kärhanalaryň öndürijilik mümkinçilikleriniň giňelýändigini aýdyň görkezýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ex8jgizwq21k8f6btgdbrdtdeas0zr 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag iberdi

2025 12 19t14 53 38 ed9802d9 0118 4f96 91fd ea5619e4a81c 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekilleri Ankarada ýalan maglumatlara garşy göreş boýunça geçirilýän foruma gatnaşýarlar

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop