Dark
Light
25.01.2026
maliye pul THE ASHGABAT TIMES

Maliýe bazaryny ösdürmek – döwrüň talaby

22.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýän kuwwatly senagat döwleti hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Çünki häzirki döwürde adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişlidir.

Döwrüň talabyndan ugur alnyp, döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge we häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

«Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy» hakda gürrüň edilende, ozaly bilen, bu resminamanyň Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesine esaslanyp, maliýe bazarynyň institusional gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki zaman dünýäsinde ykdysady özgertmeler milli we dünýä derejesindäki maliýe bazarlarynyň ýörelgelerine täzeçe garamagy talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler, şol sanda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda, amatly, deňagramly maglumat binýadyny döretmekde, sanly maliýe hyzmatlaryny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän taslamalar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Goý, halkymyz üçin, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Guwanç HAÝTYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hakyda kitap 222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Keremli sözüň gymmaty

yaslar 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asylly maksatlardan ugur alyp

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop