Dark
Light
11.01.2026
ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa – Ýaponiýa: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

19.12.2025

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny we «Merkezi Aziýa +» (C5+1) formatyny hyzmatdaşlygy hem-de dialogy ösdürmek, umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin açyk, netijeli meýdança hökmünde görýär, olaryň möhümdigine, kuwwatynyň we geljeginiň bardygyna ynanýar. Tokioda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen Ýaponiýanyň arasynda geçiriljek ýokary derejedäki sammit hem sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde altytaraplaýyn tagallalary birleşdirmek we halkara strategik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm diplomatik platforma bolup hyzmat eder. 

«Merkezi Aziýa +» formaty Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de sebit bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek we pugtalandyrmak isleýän aýry-aýry döwletleri birleşdirýär. 2022-nji ýylda köptaraplaýyn formatlaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki Konsepsiýasy tassyklanyldy. Şeýle görnüşdäki deňhukukly dialog gyzyklanma bildirýän döwletleriň we guramalaryň ählisi üçin açykdyr. 

Ägirt uly uglewodorod gorlaryna, tebigy serişdelere, adam maýasyna eýe bolan Merkezi Aziýa «bäşligi» bilen innowasion-tehnologik mümkinçilikleri babatda dünýäde öňdäki orunlarda durýan «Günüň dogýan ýurdunda» birek-birek bilen alyş-çalyş etmäge-de, paýlaşmaga-da zat kän. «Paýlaşmak — baýlaşmak» diýlişi ýaly, biziň sebitimiziň ýurtlary ykdysadyýeti innowasiýalaşdyrmakda, nou-haulary ulanmakda we beýleki dürli ulgamlarda Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Birek-birekde bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy, bähbitleriň utgaşdyrylmagy bolsa döwletleriň her biri üçinem, tutuş sebitiň gülläp ösüşi üçinem kesgitleýji şertleriň biridir.

Ýaponiýa şu gezekki sapary hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony bu giň möçberli sergide ilkinji bolup açyldy we iň gelim-gidimli pawilýonlaryň biri boldy. Umuman, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, dürli ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Annaberdi KAŞAŇOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap baydaklar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat Jarnamasy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine

yapon THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
GitTop