27-nji dekabrda paýtagtymyzda ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary döwletleriň meşhur estrada ýyldyzlarynyň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertlerine badalga berildi. Ilkinji bolup, eýran asylly, şwesiýaly aýdymçy, kompozitor we prodýuser Araş Labaf özüniň ajaýyp aýdymlary bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.

Bir döwür dünýäde iň köp diňlenilýän aýdym-sazlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýelän, häzirki wagtda hem özüniň owazlylygyny ýitirmeýän aýdymlary bilen tanalýan Araş Labaf ýurdumyza ilkinji gezek gelip, türkmen sahnasynda gaýtalanmajak şowhun döretdi.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, 1977-nji ýylda goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda doglan Araş 10 ýaşaýança bu ýurtda ýaşaýar. Ene-atasynyň maşgala bolup Ýewropa göçüp gelmekleri sungat bilen içgin gyzyklanýan geljekki ýyldyza bar bolan mümkinçiliklere has aýdyň göz ýetirmäge we peýdalanmaga şert döredýär. Netijede, eýýäm 14 ýaşynda Araş özüniň ilkinji döredijilik toparyny döredýär. Onuň aýdym-saz albomlary köpdilliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyga ýurdumyzyň aýdym-saz muşdaklary meşhur aýdymçynyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren ilkinji aýdymlarynda turuwbaşdan göz ýetirdiler. «On est la», «Wostoçnyýe skazki», «One Day» atly aýdymlarda Günbataryň häzirki zaman şowhunly äheňleri Gündogaryň şahyrana labyzlylygy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Estrada aýdymçysyna meşhurlyk getiren «Broken Angel», «Pure Love» aýdymlary tomaşaçylary ýaşlyk we ýatlamalar dünýäsine aralaşdyrdy. «Donya», «She Makes Me Go» we «One Night in Dubai» ýaly aýdymlar bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dünýä belli sungat ussady özüniň başga-da birnäçe ajaýyp aýdymlary bilen tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Döwürdeş adamlaryň bir wagtlar söýüp diňlän «Boro boro», «I adore you» aýdymlary bolsa konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Konsertiň ahyrynda Araş Labaf hemmeleri ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen sahnasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, bu ýerde muşdaklarynyň juda kändigine göz ýetirmegiň örän buýsandyryjydygyny belledi.
«THE ASHGABAT TIMES».