Dark
Light
22.12.2025
mugallymm THE ASHGABAT TIMES

Mugallymçylyk – asylly kär

22.12.2025

Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar orta mekdeplerde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.

Döwrüň geljegi ýaşlara bagly. Ýakyn onýyllyklarda ýurduň ýüzi we daýanjy boljak ýaşlaryň geljegi şu günki mekdep okuwçylarynyň terbiýesine we alan hünärine bagly. Olaryň watançy, zähmetsöýer, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmeklerinde mekdep mugallymlaryna örän uly jogapkärçilik degişli. Şoňa görä, biz okadýan talyplarymyzyň aňyna, ilki bilen, Watan mukaddesliklerini guýmaga çalyşýarys. Talyplarymyza halkymyzyň taryhy, mirasy, milli edep-terbiýesi hakda giň düşünje bermäge, milletimiziň urp-adatyna, sungat derejesine çykarylan senetlerine söýgi we buýsanç döretmäge çalyşýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki oglan-gyzlaryň ertir Watanymyzyň mynasyp ogullary-gyzlary bolup ýetişmelidikleri barada aýdanlaryndan ugur alyp, işlerimizi şoňa laýyk guraýarys.

Çekýän zähmetimiz ýerine düşýär diýip, buýsanyp aýtmaga hakymyz bar, tüweleme! Biziň mekdebimiziň uçurymlary bu günki gün mekdeplerde we çagalar baglarynda abraý bilen işleşip ýörler. Indi olaryň okadan okuwçylary ylymly-bilimli adamlar bolup, ýurdumyzyň döwlet edaralarynda, kärhanalarynda işleýärler, alym bolup, ylym bilen meşgullanýarlar, saglygy goraýyş, sport, hyzmat ediş, telekeçilik, garaz, her kim öz göwün söýen kärinde öndürijilikli işläp, Watanyň kuwwatyna kuwwat, abraýyna abraý goşýar. Şu zatlaryň hemmesi ilkinji edep-terbiýeden, başlangyç sapaklardan gözbaş alýar.

Biz başlangyç synplarda okadýanlary hem-de mekdebe çenli bilim we terbiýe berýänleri okadyp, olara hünär öwredýändigimiz üçin bagtlydyrys. Biziň jemgyýetde sylanylýan, hormat goýulýan kärimiz bar. Şeýle bagtyň gözbaşynda durup, ýaşlarymyzy okatmak-öwretmek üçin ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize bimöçber alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hangeldi PIRIÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gowher THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sungat äleminiň göwheri (eksklýuziw)

img 4091 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Portugaliýanyň Merkezi Banky 2026-njy ýyl üçin Cristiano Ronaldo hormatyna 7 ýewrolyk ýadygärlik pul bukjasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär

Soňkylar Makalalar

ELEKTRON HOWPSUZLYK DÖWRÜŇ MÖHÜM TALABYDYR

21.12.2025
Türkmenistan döwletimizde häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň gazananlarynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli  aladasy netijesinde täze tehnologiýalar ýurduň

ÝAŞLAR – KÄMILLIK ÝOLUNDA

20.12.2025
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dürli ugurlarda uly-uly üstünlikler, ösüşler gazanylýar. Şol gazanylýan

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze sahypasy

20.12.2025
Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa

Ýaşlar – döwletiň we dünýäniň geljegi

20.12.2025
Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil bilim-terbiýe almagy, hünärine ezber bolmagy, ylym, döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri

Türkmen alabaýy – adamzadyň gymmatly mirasy

20.12.2025
Döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomatiýasy Bitarap Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky ata-babalarymyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze gözýetimlerini açýar. Onuň nobatdaky üstünligi
GitTop