Ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürnekde telekeçiligiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak wajyp ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýaş telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ilatynyň 50 %-den gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Şoňa laýyklykda oba hojalygynda telekeçiligiň ösdürilmegi oba ýerlerinde ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Oba hojalygynda ýaşlaryň telekeçilik bilen meşgullanmagynyň örän çuň taryhy kökleri bar. «Ýaşlar telekeçiligi» adalgasynyň taryhy nukdaýnazardan peýda bolanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, durmuş-ykdysady we tehnologik şertleriň täsiri astynda onuň diňe adynyň üýtgändigi barada käbir alymlar öz pikirlerini öňe sürýärler. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda maşgala daýhan hojalyklary oba hojalygynyň esasyny düzüpdir. Ýaşlar eýýäm çagalyk döwründen başlap oba hojalyk işlerini ýerine ýetiripdirler. Biziň ýurdumyzda hem oba hojalyk pudagy iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Zähmet serişdeleriniň agramly böleginiň oba hojalyk pudagynda jemlenendigini aýratyn belläp geçmek gerek.
Statistik maglumatlara görä, iş bilen meşgul ilatyň ortaça 43 %-e golaýy oba hojalygy, tokaý hojalygy we balyk tutmak işleri bilen meşgullanýar. Pudakda esasy serişdeleri täzelemäge goýberilýän düýpli maýa goýumlar hem yzygiderli ýokarlandyrylyp, ýurdumyz boýunça onuň tutýan paýy jemi düýpli maýa goýumlaryň 4,4 %-ne deňdir. Oba hojalyk pudagynda telekeçiligiň ösdürilmegine durmuşa geçirilýän özgertmeler hem oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle özgertmeleriň biri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen mejlisinde «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» resminamanyň kabul edilmegi bilen amala aşyryldy. Şunda oba hojalyk pudagynda ýer gaznasyny döretmek, ýerleri 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine bermek ýaly döwletli başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Şeýlelikde, ýaş telekeçileriň has-da döredijilikli we önjeýli zähmet çekmegi üçin oňyn şertler döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakyndaky» Karary bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylyp, telekeçi daýhanlar we kärendeçiler üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ýaş telekeçiligiň» subýekti bolup duran taraplara maliýe goldawyny bermegiň beýan edilmegi bolsa, ýaş oba hojalykçylaryň, ýaş telekeçileriň önüm öndürmäge bolan höweslerini artdyrýar.
Umuman, ýaşlar telekeçiligi oba hojalygynyň döwrebaşlaşdyrylmagynda we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär. Bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ýaş telekeçilige goldaw bermegiň toplumlaýyn ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da ilerlemegi üçin möhüm şertdir. Halkymyza bagtyýarlygy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam edip, il-günümiziň abadan, bagtly ýaşaýşy, nurly geljegi üçin uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ynançmyrat KUWADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.