Dark
Light
24.01.2026
bitarap neww THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň hem-de ösüşiň binýady

08.12.2025

Häzirki wagtda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler rowaçlyklara beslenýär.

Üçünji müňýyllykda Türkmenistan döwletimiz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi derejesinde üç gezek ykrar edilmegi bolsa Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçen ýyllarda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi türkmen Bitaraplygynyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, gülläp ösüşi ilerletmekde näderejede möhüm orun tutýandygyny görkezýär.

Görnüşi ýaly, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz parahatçylygy, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty amala aşyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr asylly başlangyçlary gymmatly tejribedir, nusgalyk ýol-ýörelgedir. Şunuň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da belende galýar, dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen dostana gatnaşyklary işjeň häsiýete eýe bolýar.

Sabina KASYMOWA,
S.Seýdi adyndaky TDMI-niň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň Daşary ýurt dilleri we edebiýaty hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dil owrenm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil – halklary birleşdirýän köpri

icc 4374 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk dörediji taglymlara ygrarlylyk

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop