bitara parahat 2 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

05.12.2025

Haýsy ýurtda baýramlar baýramlara, toýlar toýlara ulaşýan bolsa, şol döwletde bagtyýarlygyň höküm sürýändiginden, halkyň agzybirliginden, jemgyýetiň abadanlygyndan, şol ýurtda ägirt uly ösüşleredir üstünliklere eýe bolunýandygyndan nyşandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ata Watanymyzda baýramlaryň baýrama, toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygyna hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýäris» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryň dünýäde giňden goldanylýandygynyň güwäsi boldy.

Bitaraplygy BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwlet bolmak bilen, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik usullarynyň ähli gurallaryny işjeň ulanyp, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şunda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan Watanymyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň ykrarnamasy boldy. Şeýle hem 2015-nji ýylda we şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Bitaraplyk taglymatyny dabaralandyryp, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Akmyrat JUMANYÝAZOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler

6c7a8716 resized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mediaforum: duşuşyk ýeri – Astana (foto)

Soňkylar Makalalar

«Horezm» sözüniň manysy

06.12.2025
Türkmen halkynyň her bir daban ýeri taryhyň möhüm wakalaryndan, bahasyna ýetip bolmajak pursatlaryndan habar berýär. Gojaman türkmen topragynyň her ýerinde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop