Dark
Light
03.01.2026
icc 4374 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk dörediji taglymlara ygrarlylyk

08.12.2025

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler rowaçlyklara beslenýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. Bu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek halkara forum hem döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk, parahatçylyk we ynanyşmak strategiýasyny işjeňleşdirmekde täze tapgyry açar. Gahryman Arkadagymyzyň öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerini geçirmegi bu forumyň äheň-ähmiýetine taryhy dereje berýär.

Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şanly ýylymyzyň wekilçilikli forumy bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bu halkara forumyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şoňa görä-de, bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Halkara giňişlikde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Kakajan SÖÝÜNOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap neww THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň hem-de ösüşiň binýady

merdana nesil THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «Merdana nesil – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop